DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 2025-nji ýylyň 29-njy iýuny 3-nji iýuly aralygynda Portugaliýa Respublikasynyň Portu şäherinde geçirilýän 32-nji her ýylky mejlisine hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde guralýan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň we bitaraplygyň ýörelgeleri» atly çärä gatnaşmak maksady bilen, iş saparyny amala aşyrýar.

 

 

29-njy iýunda günüň birinji ýarymynda Mejlisiň wekilleri       ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Farah Kariminiň Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament wekiliýetleri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça öz ýurtlarynda alnyp barylýan işler barada pikir alyşdylar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, daşky gurşawy gorap saklamaga, tebigata aýawly çemeleşmäge gönükdirilen tagallalaryň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasatyny parlament diplomatiýasy arkaly goldamak boýunça toplanan tejribeler beýan edildi.

 

Günüň ikinji ýarymynda türkmen parlamentarileri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýyllyk mejlisiniň açylyş dabarasyna we umumy mejlisine gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar häzirki wagtda sebitiň we dünýäniň gün tertibinde durýan meseleleriň oňyn çözgütlerini we olary durmuşa geçirmekde parlamentleriň öňünde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Aşa yssy sebäpli Fransiýada 1300-den gowrak mekdep ýapylýar

Rekord derejede yssy howa

Sebitara hyzmatdaşlygyň täze sahypasy Awazada açylar

Pakistanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Saida Mirziýoýewa Özbegistanyň Prezident administrasiýasynyň başlygy boldy

Simge we Edis Arkadag şäherinde konsert berdi

Ata Watan Eserleri