DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Hökümeti hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guralan «Parahatçylygyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagynda aýallaryň orny» atly Merkezi Aziýa forumy göni wideoaragatnaşyk arkaly ýokary derejede geçirildi.

Ýokary derejede geçirilen foruma ÝHHG-niň häzirki Başlygy we Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Linde, ÝHHG-niň Baş Sekretary Helga Şmidt, şeýle-de ýurtlaryň parlamentariýleri we halkara guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Forumda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň barşynda gender deňliginiň ilerledilmegi, şol sanda häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň hatarynda duran aýallaryň kanuny hukuklarynyň üpjün edilmegi dogrusynda pikirler alyşyldy.

Türkmen Parlamentiniň ýolbaşçysynyň öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, ýurtda aýallaryň hukuklarynyň ähli ugurlarda üpjün edilmegi üçin binýatlyk esas döredildi. Bu ugurda 2020-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen ikinji 2021-2025-nji ýyllar üçin Gender deňligi boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.

 

Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyna galan toparlar belli boldy

 

 

 

Ýene-de okaň

ABŞ-da “six seven” (6–7) sözi ýaşlaryň arasynda trend boldy

Eýran bilen Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentlerine Lew Tolstoý baýragy gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwdalar geçirilýär

Ata Watan Eserleri