DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Günorta Koreýa bardy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň Mejlisiniň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 17 — 20-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherine gulluk iş sapary bilen ugrady.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Seul şäherine bardy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we onuň ýanyndaky wekiliýeti Inçon halkara howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň parlament agzalary tarapyndan mähirli garşylandy. Türkmen myhmanlaryny koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon garşy aldy.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, iki taraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şu ýerde ýene-de bir zady belläp geçmek gerek. «Merkezi Aziýa — Koreýa» görnüşindäki, şeýle hem türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek, bu ugurda halkara forumlary geçirmek baradaky başlangyçlar hem, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna degişlidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Hytaýyň ýolbaşçylaryna iberen resmi çakylyklary gowşuryldy

Türkmenistanyň daşary ykdysady ugry boýunça täze resminamalar taýýarlanýar

Türkmenistanyň deputatlary ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdylar

Seulda ýylyň şygaryna bagyşlanan brifing geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary

Azerbaýjanyň ilçihanasy Türkmenistanda geçirilen diplomatiýa gününe bagyşlanan halkara sergide wekilçilik etdi