DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisinde Fransiýanyň senatory bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde Fransiýa Respublikasynyň senatory hanym Samanta Kazebonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly gol çekilen resminamanyň Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigi barada nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada aýdyldy.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň hereket etmeginiň kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Taraplar iki ýurduň arasynda energiýa, suw serişdelerini dolandyrmak, oba hojalygy, infrastruktura we şäher gurluşygy, arheologiýa, fransuz dilini öwretmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.

Şunuň bilen birlikde, türkmenistanly ýaşlaryň Fransiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde öz bilimlerini artdyrýandyklary, ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda okaýan talyplara, umumybilim edaralarynyň birnäçesinde bilim alýan okuwçylara fransuz diliniň öwredilýändigi barada aýdyldy.

Taraplar iki ýurduň arasynda işjeň häsiýete eýe bolan dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem parlamentara hyzmatdaşlyk arkaly has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler