SPORT

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň bijeleri çekildi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynyň bijeleri çekildi. Bu gezekki bäsleşige Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 9-sy (“Arkadag”, “Altyn Asyr”, “Ahal”, “Aşgabat”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Merw”, “Energetik”, “Köpetdag”) gatnaşar.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň geçiş tertibine laýyklykda, futbol çempionatymyzyň geçen möwsüminde soňky iki orny eýelän “Merw” bilen “Şagadam” toparlary deslapky tapgyrda güýç synanyşarlar. Bu toparlaryň arasynda geçiriljek oýunlaryň netijesinde ýeňiş gazanan topar bijä laýyklykda, çärýekfinalda “Altyn Asyr” topary bilen duşuşar. Deslapky tapgyryň duşuşyklary 11-nji hem-de 14-nji awgustda geçiriler.

Şeýlelikde, geçirilen bijä laýyklykda beýleki çärýekfinal jübütlerini “Arkadag” – “Energetik”, “Nebitçi” – “Aşgabat” hem-de “Ahal” – “Köpetdag” toparlary düzdüler.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýekfinalynyň birinji duşuşyklary 24-25-nji awgustda, jogap oýunlary bolsa 2-3-nji sentýabrda geçiriler.

Kubok ugrundaky bäsleşigiň ýarymfinalyň birinji duşuşyklary 12-13-nji sentýabrda oýnalar. Ýarym finalyň jogap oýunlarynyň hem-de final oýnunyň geçiriljek senesi soň belli ediler.

Ýeri gelende bellesek, “Arkadag” – “Energetik”/“Nebitçi” – “Aşgabat” hem-de “Ahal” – “Köpetdag”/“Altyn Asyr” – “Merw”/“Şagadam” jübütleriniň arasyndaky ýeňiji ýarymfinalda özara duşuşarlar.

Tertipde birinji görkezilen toparlar ilkinji duşuşyklaryny öz meýdançalarynda geçirerler.

Deslapky tapgyr:

“Merw” – “Şagadam”

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň çärýek finalynyň jübütleri:

“Arkadag” – “Energetik”
“Nebitçi”– “Aşgabat”
“Ahal” – “Köpetdag”
“Altyn Asyr” – deslapky tapgyryň ýeňijisi

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady