SPORT

Türkmenistanyň Kubogy: “Arkadag” topary çärýek finalda

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň deslapky tapgyrynyň jogap duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda “Arkadag” topary myhmançylykda  “Energetik” bilen duşuşdy. Mary şäheriniň “Energetik” stadionynda geçirilen duşuşyk 4:0 hasabynda “Arkadag” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Bu iki toparyň arasynda geçirilen birinji duşuşygyň hem uly hasap bilen “Arkadag” toparynyň (4:0) peýdasyna tamamlanandygyny ýatladýarys.

“Arkadag” topary Kubok bäsleşiginiň çärýek finalynda “Köpetdag” topary bilen duşuşar.

Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň deslapky tapgyrynyň duşuşygy:

 “Energetik” – “Arkadag”- 0:4

Gollar: 20 Mekan Saparow, 82 Begenç Akmämmedow, 84, 90 Didar Durdyýew (“Arkadag”)

Duýduryş: 8 Arslan Ýusupow (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.) 

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Mary ş.)

Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ýene-de okaň

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri