DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

«Ýonsan» köşgüniň binasynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýolyň Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Begenç Durdyýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty Koreýa Respublikasynyň Prezidentine özüniň ynanç hatyny gowşurdy.

Ynanç hatyny gowşurmak dabarasynda, Prezident Ýun Sok Ýol Ilçi B.Durdyýewi ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hoşniýetli sözleri üçin hoşallyk bildirip, Ilçi öz gezeginde Koreýa Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Ýun Sok Ýol 2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Seul şäherinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyny hoşallyk bilen ýatlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirmegi Türkmenistanyň Ilçisinden haýyş etdi.

Ýene-de okaň

Halkara Zähmet guramasynyň baş direktory Aşgabatdaky foruma çagyryldy

Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri Tbilisi sebitleýin forumyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda geňeşmeler geçirildi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hindistanda saparda bolýar

GDA döwletleri agyr senagaty ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri