JEMGYÝET

Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy makullandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň mejlisi boldy. Onda  «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlemek hakynda Karar kabul edildi.

Bu Karar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek, demokratiýany we halk häkimiýetliligini has-da ösdürmek, döwlet häkimiýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek arkaly halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan taryhy işleriň çäginde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça öňe sürlen başlangyçlaryň esasynda döredilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion toparyň alyp baran işleriniň hem-de ähli halk tarapyndan ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde taýýarlanan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny umumylykda makullamak we onuň kabul edilmegini üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Bu Karar bilen,

  1. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy boýunça işleri umumylykda tamamlanan diýip hasap etmeli.
  2. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy boýunça ýurduň welaýatlarynda, etraplarynda we şäherlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşjak wekiller bilen ara alyp maslahatlaşmalary geçirmeli.
  3. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürlemeli.
  4. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan makullanan halatynda bu Konstitusion kanunyň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlemeli.

Ýene-de okaň

“Ata Watan Media” reklama hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti “ABŞ-Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini ABŞ-a çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen-italýan işewürlik forumyndaky ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistan energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça ugratmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär