BIZNES

Türkmenistanyň ilkinji köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy ulanmaga berler

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi.

Hasabatda görnüşi ýaly, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek möhüm çärelere, hususan-da, “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergä hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahatyna taýýarlyk görülýär.

Bellenilişi ýaly, geçiriljek halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda, senagat önümçiliginde, energetika, himiýa pudagynda, ýol gurluşygynda gazananlary bilen tanyşmaga ýardam berer. Bu möhüm çäreleriň çäklerinde gurluşyk-senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň duşuşyklary meýilleşdirilýär. Munuň özi täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga ýardam berer.

Şeýle hem Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýändigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergä we maslahata, Gyzylarbat etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Bäherden etrabynda «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ýene-de okaň

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: içerki bazarlarda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny döretmek

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: täze awtomobil ýollary gurlar

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýylyň iş meýilnamasy: “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrlary özleşdiriler

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda durnukly islege eýe bolýar

«Dokma» onlaýn söwda meýdançasy önümleriň giň görnüşlerine elýeterliligi artdyrýar

2026-njy ýylda Türkmenistanda 41,2 milliard manat möçberinde maýa goýumlary özleşdiriler