BILIM

Türkmenistanyň ilçisi Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi rektory täze wezipä bellenmegi bilen gyzgyn gutlady we onuň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebiniň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Ol Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy bilen uniwersitetiň arasyndaky däp bolan ysnyşykly hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň ähmiýetini belläp, bilim, ylym we medeni ugurlardaky bilelikdäki başlangyçlaryň baý tejribesini nygtap geçdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň gol çekmek meselesine, şeýle hem iki ýurduň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň we akademiki toparlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkemegine itergi berjek uniwersitetleriň rektory derejesinde ikitaraplaýyn saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Öz gezeginde rektor bilelikdäki akademiki we medeni taslamalary ösdürmek hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly başlangyçlary işjeň goldamaga hemişe taýýardygyny beýan etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi

Stanford uniwersitetiniň kitaphana katalogyna “Makul Sözlük” girizildi

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi

Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi