DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi “Pakistan TV” teleýaýlymynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow “PTV World” teleýaýlymynyň ýerine gelen iňlis dilindäki täze “Pakistan TV” teleýaýlymynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ilçisi täze teleýaýlyma interwýu berip, onda “Pakistan TV” teleýaýlymynyň ýolbaşçylaryny we işgärlerini giňişleýin döwrebaplaşdyryş işleriniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady we bu ädimiň ýaýlymyň hilini ýokarlandyrmakda we milli telewideniýäniň jemgyýetdäki ornuny güýçlendirmekde möhümdigini aýtdy.

Şeýle-de, Ilçi A.Möwlamow bu iňlis dilindäki teleýaýlymyň Päkistanyň bähbitlerini halkara derejede öňe ilerletmekde möhüm orny eýelejekdigini nygtady. Bu ugurda energiýa howpsuzlygyny berkitmäge, sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we durnukly ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikleri döretmäge ýardam berjek iri sebitara energiýa we infrastruktura taslamalaryny hem teleýaýlym arkaly hemmetaraplaýyn şöhlelelendirmegiň möhümdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar