DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Gyrgyzystanyň medeniýet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi N.Gölliýew Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri A.Maksutow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty babatynda ikitaraplaýyn medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlyklar barada pikir alşyldy.

Ilçi N.Gölliýew gyrgyz wekiliýetini Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanylyp geçiriljek çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Ministr A.Maksutow Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işlere ýokary baha berip, möhüm başlangyçlary goldamaga we ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bilelikde işlemäge taýýardyklaryny tassyklady.

Şeýle hem, Ýaşlar syýasaty babatynda, Ilçi, Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäginde ýaş nesliň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn goldamak we ösdürmek üçin «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň kabul edilendigini belledi.

Sport ugrundaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy