BILIM

Türkmenistanyň ilçisi Bülent Ejewit uniwersitetine baryp gördi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyyew  halkara uniwersitet bolmak ugrunda möhüm ädimleri ädýän we dünýäniň köp ýurtlaryndan daşary ýurtly talyplara okamaga mümkinçilik berýän Bülent Ejewit uniwersitetine baryp gördi.

Türk metbugatyndaky habara görä, türkmen ilçisi bu saparynyň çäklerinde Bülent Ejewit uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Mustafa Çufaly bilen duşuşdy. Rektor ilçä türki döwletler bilen bir hatarda dünýäniň dürli ýurtlaryndan okamaga gelýän daşary ýurtly talyplara döredilýän giň mümkinçilikler barada maglumat berdi.

69 ýurtdan daşary ýurtly talyplary bir ýerde jemleýän bu ýokary okuw mekdebiniň köp medeniýetlilik ugruna uly ähmiýet berilýändigini bellän rektor dost we doganlyk ýurtlardan gelýän talyplara uly myhmansöýerlik bilen garaşýandyklaryny belledi.

Türkmen ilçisi bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belledi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hem-de bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi saparynyň çäklerinde Bülent Ejewit uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary bilen hem duşuşdy.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy