JEMGYÝET

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirildi

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Oňa dünýäniň dürli döwletlerinden ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşdy.

“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan sergisine Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň daşary ýurtdaky ilçileri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, daşary ýurtlardan gelen myhmanlar, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Serginiň hormatly myhmanlarynyň hatarynda San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa, Mýanmanyň Premýer-ministri Nýu So, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirliogly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa we beýlekiler bar.

BMG tarapyndna 3 gezke ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen Gutlag hatynyň okalmagy bilen başlady. Gutlag hatyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary okady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda: “Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwlet hökmünde dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan ýurt hökmünde ykrar edildi. Geçen 30 ýylyň dowamynda hemişelik Bitaraplyk berkararlygymyzy pugtalandyrýan, döwletimiziň daşary syýasy ugruny kesgitleýän möhüm gymmatlyga öwrüldi” diýlip bellenilýär.

Serginiň toýa bagyny ýurdumyzyň durmuşynda möhüm seneleriň biri bolan Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralaryna gatnaşmak üçin gelen ýokary derejeli myhmanlar kesdiler.

Soňra myhmanlar ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdylar. Sergide Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Medeniýet ministrliginiň, şol sanda ykdysadyýet we maliýe, senagat we gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba hojalyk we beýleki toplumlarynyň diwarlyklary ýerleşdirildi.

Şeýle hem sergä döwlet tarapyndan uly goldawa eýe bolup, öz önümlerini dünýä bazaryna çykarýan türkmen telekeçileri hem diwarlyklary bilen gatnaşdylar. Bu ýerde azyk, ýeňil senagat, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki pudaklarda önüm öndürijiler öz önümlerini daşary ýurtly myhmanlara tanyşdyrdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň diwarlygy emeli aň mümkinçiligi we robot it bilen tapawutlandy. Bu diwarlyga gelen myhmanlar robot itiň özbaşdak hereketleri, tilsimleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem emeli aň babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe boldular.

Mundan başga-da, sergide türkmen halkynyň buýsanjy bolan behişdi bedewleri we alabaý itleri hem görkezildi. myhmanlar gamyşgulak bedewleri synalamak bilen özleriniň haýran galandyklaryny gizläp durmadylar. Ol türkmen bedewleri bilen surata düşüp, olary ýakyndan synlamak mümkinçiliginiň eýe bolmagynyň şatlygyny paýlaşdylar.

 

Ýene-de okaň

Putin Türkmenistanyň Prezidentini GDA-nyň sammitine çagyrdy

Prezident Ärdogan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşdy

Özbek Lideri: Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk pelsepesiniň esaslandyryjysydyr

Mirziýoýew: Özbegistan 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan eder

Premýer-ministr: Baku Türkmenistanyň Bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny goldaýar

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň gurluşynda Halkara suw guramasyny döretmegi teklip etdi