JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 19-njy sentýabrda geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň barşynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, Kararda:
— Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda çagyrmalydygy we Aşgabat şäherinde, Maslahat köşgünde geçirmelidigi;
— Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Kararyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermelidigi bellenilýär.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanda “Baku” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

USAID Türkmenistandan pomidor we gawun eksportuny ösdürmage ýardam berýär

Ata Watan Eserleri

HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň saýlanan Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri