JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt Oleg Kononenko minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko we öz ömrüni kosmonawtika bilen baglan ähli adamlara bütin adamzadyň ösüşine gönükdirilen gaýduwsyz zähmeti üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

“Häzirki zaman dünýäsinde kosmonawtika – düýpli ylmy barlaglary talap edýän we ýokary tehnologiýalar pudagydyr. Kosmos we ýer hadysalarynyň arasyndaky özara baglanyşygyň öwrenilmegi, kosmos barlaglarynyň geçirilmegi we onuň netijeleriniň iş ýüzünde peýdalanylmagy innowasion tehnologiýalaryň ösüşiniň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Hut kosmosyň öwrenilmegi netijesinde, biziň durmuşymyzda adamlaryň ýaşaýşyny ýeňilleşdirýän we senagat ösüşini üpjün edýän täze işläp taýýarlamalar ýüze çykýar.

Köp adamlar üçin kosmonawtlaryň ylmy-barlag işleri uly gyzyklanma döredýär. Men Siziň “TASS” habarlar agentliginiň ýörite habarçysy hökmünde Halkara kosmos stansiýasyna meýilleşdirýän täze kosmos ekspedisiýaňyz baradaky habary watandaşyňyz hökmünde buýsanç duýgusy bilen kabul etdim. Siziň işleriňiziň netijesiniň köp millionly okyjylaryň älem giňişligine akyl ýetirmeginde möhüm maglumat çeşmesi boljakdygyna ynanýaryn” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Oleg Kononenko berk jan saglyk, abadançylyk, şowly we howpsuz uçuşy arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy