JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gatnaşdylar.

Iş maslahatyň dowamynda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi we bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

D.Orazow hasabatyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geňeşmeleriň geçirilendigi, olaryň dowamynda ýurdumyzyň çäginde bar bolan çig mallaryň ekologiýa we ýaramlylyk derejesi, ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän suw çeşmelerini önümçilik maksady bilen ulanmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň geçirilendigi barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde görkezilen ösümlikler, olary gaýtadan işlemegiň ugurlary we ýurdumyzda derman serişdelerini öndürmegiň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleleriň ylmy esasda öwrenilýändigi barada hasabat berdi.

Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça önümçilik toplumlarynyň gurulmagy meýilleşdirildi.

Milli Liderimiz şu günki iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelere ýene bir gezek ünsi çekip, geljekde Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda senagat maksatly desgalary gurmak we olarda ýokary derejeli önümçiligi ýola goýmak bilen bagly işleri düýpli seljerip, bu ugurda özara maslahatlaşyp, anyk çözgütlere gelinmelidigini, her bir işe oýlanyşykly çemeleşilmelidigini nygtady.

Degişli işleriň geçirilmeginiň netijesinde bolsa, halkara bäsleşiginiň yglan edilmeginiň maksadalaýykdygyny belledi hem-de bu işleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyna aýratyn ähmiýet berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi