Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy hem-de bu ýerde dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän we saglygy goraýyş babatda häzirki zaman şypahana hyzmatlaryny hödürleýän “Arçman” şypahanasyna tarap ugur aldy.
Biraz wagtdan türkmen halkynyň Milli Liderimiziň dikuçary ynsan saglygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýän döwrebap şypahananyň çäginde gondy.
Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy.
Ilki bilen lukman Arkadagymyz “Arçman” şypahanasynyň şypaly suwly çeşmesiniň gözbaşyna bardy. Häzirki döwürde Türkmenistanyň çäklerinde bar bolan mineral suwlarynyň, bejeriş häsiýetli palçyklaryň aýratynlyklary, şypahana bejerişiniň dürli ugurlary aýratyn-da, bu şypahananyň bejeriş ugurlary ylmy esasda öwrenilip, olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, şypahananyň mineral suwuny içmek üçin niýetlenen bölümine bardy hem-de dynç alýan we saglygyny berkidýän adamlar bilen görşüp, olaryň saglyk ýagdaýlary hem-de bu ýerde döredilen mümkinçilikleriň aýratynlyklary bilen içgin gyzyklandy.
Lukman Arkadagymyz bu bölümiň çägini giňeltmek, onda saglygyny berkidýän adamlar üçin ähli zerur mümkinçiliklerini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet bermegini tabşyrdy.
Gahryman Arkadagymyz “Arçman” şypahanasynyň şypaly suw bilen bejeriş bölümine baryp bölümiň enjamlaşdyrylyşy, onda döredilen şertler we saglygyny berkidýän adamlara bu ýerde hödürlenýän sagaldyş hyzmatlarynyň görnüşleri bilen tanyşdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, “Arçman” şypahanasynyň degişli binalarynyň durkuny täzelemek we bu ýerde häzirki zaman bejeriş ulgamyna degişli binany gurmak boýunça işlenip taýýarlanylan şekil taslamalary hem-de desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Şeýle hem bu ýerde “Arçman” şypahanasynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze binanyň, durky täzelenjek Saglyk ýolunyň, dynç alýanlara niýetlenen bassyrmalaryň, çagalar üçin oýun meýdançalarynyň, agyz suwy, şypaly suw ulgamlarynyň, elektrik, gaz we lagym geçirijileriň we şypahananyň durmuş üpjünçiligine degişli birnäçe tehniki desgalaryň, awtomobil ýolunyň taslamalary, binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işleriň, şypahananyň çäginde oturdylmagy meýilleşdirilýän aýmançalaryň görnüşleri görkezildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, saglygy goraýyş ulgamyna hem-de ugurdaş pudaklara degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şypahananyň binalarynyň durkuny täzelemek işlerinde we täze desgalaryň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň netijeli ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda ekologiýa meselelesine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, dikuçarda paýtagtymyza tarap ugur aldy.
Uçuş mahaly türkmen halkynyň Milli Lideri, Ahal welaýatynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleri we obalaryň hem-de şäherleriň durkuny täzelemek boýunça özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy.