BILIM

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa kabul etmek Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, lukmançylyk barlagyndan geçen, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär.

2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we harby terbiýeçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyrykda gullugy alyp barmaklary, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.

3. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren okuwçylar 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli ýaşaýan ýerleri boýunça harby wekiliň adyna arza ýazýarlar.

Arzanyň ýanyna şu resminamalar goşulýar:

1) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň oglunyň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa kabul edilmegi barada harby wekiliň adyna ýazan arzasy (ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýlarynda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edaralary tarapyndan berlen maglumat haty bolmaly);

2) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;

3) bellenen nusgada doldurylan we harby wekillik tarapyndan tassyklanan sowalnama hem-de terjimehal;

4) dogluş hakynda şahadatnamasynyň «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tassyklanan nusgasy;

5) okaýan orta mekdebiniň 8-nji synpyndaky ýetişigi barada resminama (1-nji, 2-nji, 3-nji çärýeklerinden göçürme);

6) 6 sany 3×4, 4 sany 4×6, 2 sany 9×12 ölçegde, ýerli harby wekillik tarapyndan tassyklanan fotosurat;

7) okaýan orta mekdebinden häsiýetnama;

8) okaýan orta mekdebindäki şahsy işiniň mekdep müdiriniň möhüri bilen tassyklanylan nusgasy;

9) Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga ýaramlylygyna kepil geçýän lukmançylyk kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça inçekesel we deri-wenerologiýa hassahanalaryndan hem-de neşekeşligiň, arakhorlygyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkezlerinden degişli kepilnama) hem-de saglyk ýagdaýynyň ýaramlydygyny kesgitleýän dalaşgäriň ýaşaýan ýeri boýunça lukmanlar toparynyň barlagyndan geçirilendigi baradaky kepilnamasy;

10) keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň kartasynyň (№063/h görnüşli saglygy goraýyş resminamasynyň) göçürmesi;

11) ýaşaýan ýeri we maşgala ýagdaýy barada kepilnama;

12) eger dalaşgäriň ata-enesinden öleni bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tassyklanan nusgasy.

4. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäklerinde dersler boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersinden diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

5. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okuwa kabul edilen okuwçylar umumyýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby egin-eşikler we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýär. Olara günde dört wagtyna nahar berilýär.

Kabul ediş topary.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar

Türkmenistanyň okuwçylary STEM olimpiadasyna gatnaşýarlar

Türkmen ýaşlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim alyp bilerler

Koreýa Respublikasyndan Halkara gatnaşyklary institutyna tehniki kömek

Türkmen talyp ýaşlary Bangkokdan medally dolandylar