1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär:
1) orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;
2) Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlar;
3) harby gulluk ýa-da harby ýygnanyşyklar döwründe harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary), harby gullukdan boşadylyp ätiýaçlykda bolan, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;
4) harby gullugy ýa-da harby ýygnanyşyklary geçen döwründe özleriniň harby gullugy geçmekleri bilen baglanyşykly maýyp bolanyň ýa-da ýaralanyp, synasyna şikes ýetip, seňse bolup kesele ýolukmagy netijesinde harby gullukdan boşan (harby ýygnanyşyklar tamamlanan) gününden soň bir ýylyň dowamynda aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary), harby gullukdan boşadylyp ätiýaçlykda bolan, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;
5) borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar.
Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.
Harby-deňiz institutynda ýokary hünär biliminiň okuw möhleti 5 okuw ýyly.
2. Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär biliminde okamaga isleg bildiren, şu Tertibiň 1-nji böleginde görkezilen talaplara laýyk gelýän dalaşgärler ýaşaýan ýerleri boýunça etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilleriniň adyna, 2026-njy ýylyň ýaz möwsüminde çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlaýan çagyryş boýunça harby gullukçylar harby bölümiň serkerdesiniň adyna 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli arza ýazmaly.
3. Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimini almaga isleg bildiren dalaşgärlere bildirilýän umumy talaplara laýyk gelýän, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda borçnama boýunça harby gullugy geçýän, ýaşy 24-den geçmedik harby gullukçylar we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlap, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, ýaşy 25-den geçmedik harby gullukçylar Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär okuwyna girmek barada özleriniň gönüden-göni serkerdelerine 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli habarnama ýazmaly.
4. Dalaşgärleriň arzasynyň (habarnamasynyň) ýanyna şu resminamalar goşulýar:
1) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň oglunyň harby gullukçy bolmagyna we Türkmenistanyň islendik çäginde gulluk etmegine razydygy baradaky dil haty (ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýlarynda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edaralary tarapyndan berlen maglumat haty);
2) Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy (eger-de dalaşgär raýatlyk pasportyny almadyk bolsa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli bölüminden pasportyň resmileşdirilmändigi barada kepilnama);
3) Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň nusgasy (eger-de bar bolsa);
4) bellenen nusgada doldurylan we harby wekillik ýa-da harby bölüm tarapyndan tassyklanan sowalnama hem-de terjimehal, hünärmen saýlawynyň kartasy;
5) harby şahadatnamasynyň nusgasy;
6) dogluş hakynda şahadatnamasynyň, nika baglaşylandygy hakynda şahadatnamasynyň, eger-de nikasy bozulan bolsa, nika bozulandygy hakynda şahadatnamasynyň tassyklanan nusgasy, nikada durmaýandygy hakynda kepilnama;
7) Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär biliminde okamaga ýaramlylygyna kepil geçýän lukmançylyk kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça deri-wenerologiýa, inçekesel hassahanalaryndan hem-de neşekeşlik, arakhorlyk we ruhy keseliniň öňüni alyş merkezlerinden kepilnama);
8) iň soňky okan, işlän ýa-da gulluk eden ýerinden häsiýetnama;
9) maşgala ýagdaýy barada kepilnama;
10) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň iş ýerinden kepilnama (eger ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar işlemeýän bolsalar, olaryň işlemeýändikleri barada degişli etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilleriniň adyna ýazan dil hatlary);
11) zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy;
12) bilim hakyndaky resminamasynyň (şahadatnamanyň, diplomyň) tassyklanan nusgasy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan dalaşgärleriň bilim hakyndaky resminamalarynyň asyl nusgasy;
13) harby wekillikde ýa-da harby bölümde geçirilen ilkinji synaglaryň bahalandyryş sanawnamasyndan göçürme;
14) harby wekilligiň ýa-da harby bölümiň synag toparynyň beýan ýazgysy;
15) özüniň we ýakyn garyndaşlarynyň (16 ýaşdan ululara) jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi ýa-da çekilmändigi hakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden talapnama;
16) 1 sany 9х12 ölçegde, 4 sany 4х6 ölçegde, 10 sany 3х4 ölçegde harby wekillik hem-de harby bölüm tarapyndan tassyklanan fotosurat;
17) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň hem-de süýtdeş doganlarynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalarynyň nusgalary;
18) eger dalaşgäriň ýakyn garyndaşlaryndan aradan çykany bolsa, onda ölüm hakynda şahadatnamasynyň, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň nikasy bozulan bolsa, nika bozulandygy hakynda şahadatnamasynyň tassyklanan nusgasy.
5. Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimini almaga isleg bildiren dalaşgärler bilen Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.
6. Dalaşgärler giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen ýeňilliklerden peýdalanýarlar.
7. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan raýatlaryň giriş synaglarynda gazanan umumy bahalary (ballary) beýleki dalaşgärleriň umumy bahalary (ballary) bilen deň gelen ýagdaýynda, olar bir baha (bal) ýeňillikden peýdalanýarlar.
8. Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine okuwa kabul edilenler umumyýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby egin-eşikler we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýär. Olara günde üç wagtyna nahar berilýär hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde we möçberde talyp haklary tölenýär.
