JEMGYÝET

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy giňden bellenildi

Şu gün – 27-nji sentýabrda baş baýramymyz – Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy aýratyn ruhubelentlik, şatlyk bilen toýlandy. Şanly baýram mynasybetli eziz Diýarymyzda belent döredijilik ruhundaky dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Däp bolşy ýaly, bu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşun görnüşleriniň harby gullukçylary dabaraly harby ýörişden geçdiler. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişi bolan dabaraly harby ýörişe Milli goşunymyzyň harby gullukçylary  hem-de esgerleri, harby talyplar, harby okuwçylar watançylyk ruhunda gatnaşdylar.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Her bir toý-baýrama özboluşly röwüş çaýýan halkymyzda Garaşsyzlyk baýramyny agzybirlikde geçirilýän dabaraly ýöriş bilen garşylamak bolsa eýýäm däbe öwrüldi. Köpetdag şaýolunyň ugrynda bina edilen döwlet münberinde başlanan dabaraly ýöriş Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyzyň gazanan beýik ösüşlerini, agzybir halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşyny aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Ýurdumyzyň kuwwatly galkany bolan harby gullukçylarymyzyň dabaraly ýörişi bilen utgaşyp giden baýramçylyk çykyşlar guwanjymyzy goşalandyrdy.

Göwünlerimizi ganatlandyryp, ruhumyzy galkyndyryp her ýylda geçirilýän baýramçylyk ýörişi ösüşli menillerimiziň badalgasydyr. Ol Garaşsyz ýurdumyzyň ähli ugurlarda 33 ýylyň dowamynda ýeten beýik sepgitleriniň umumy keşbini emele getirip, geçmişimize buýsanjymyzy, şu günki toýly günlerimizde begenjimizi, aýdyň geljegimize bolan ynamymyzy artdyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antoniu Guterriş bilen duşuşygy

Antoniu Guterriş: BMG-niň Awaza forumy uly ähmiýete eýedir

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

“Atawatan Media” topary BMG-niň Awaza forumyna gatnaşýar

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Awaza geldi

Eswatininiň Patyşasy Mswati III Türkmenbaşa geldi

Ata Watan Eserleri