Türkmenistanyň futbol çempionatynyň – “Ýokary ligasynyň” nobatdaky möwsümi geçiriler. Geçen, 2024-nji ýylda geçirilen futbol çempionatymyzda ”Arkadag” toparynyň bassyr ikinji gezek çempionlyk derejesini gazanandygyny bellemek gerek. Toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda geçirilen çempionatyň jemi boýunça ikinji üçünji orunlary degişlilikde, “Ahal” hem-de “Altyn Asyr” toparlary eýelediler.
Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2024-iň jemleýji tablisasy:
T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
1. | «Arkadag» FK | 30 | 30 | 0 | 0 | 147-20 | 90 |
2. | «Ahal» FK | 30 | 22 | 1 | 7 | 68-29 | 67 |
3. | «Altyn Asyr» FK | 30 | 21 | 2 | 7 | 72-33 | 65 |
4. | «Şagadam» FK | 30 | 13 | 1 | 16 | 40-51 | 40 |
5. | «Merw» FK | 30 | 11 | 2 | 17 | 21-60 | 35 |
6. | «Aşgabat» FK | 30 | 8 | 4 | 18 | 27-58 | 28 |
7. | «Nebitçi» FK | 30 | 8 | 3 | 19 | 28-64 | 27 |
8. | «Köpetdag» FK | 30 | 4 | 5 | 21 | 18-69 | 17 |
2024-nji ýylyň futbol möwsüminde “Ýokary ligada” jemi 128 oýun geçirildi. Geçirilen duşuşyklarda ýer eýeleri 69, myhman toparlar bolsa 49 duşuşykda ýeňiş gazandylar. 10 duşuşykda bolsa deňlik hasaba alyndy.
Çempionatyň dowamynda toplaryň 424-si (48-si 11 metrlik jerime urgularyndan) derwezelere geçirildi.
Duşuşyklarda oýunçylaryň 112-si tapawutlanmagy başardylar.
Iň köp top geçiren oýunçylaryň ilkinji onlugy:
- Didar Durdyýew (“Arkadag”) – 31 (6-sy 11 m.j.u.)
- Altymyrat Annadurdyýew (“Arkadag”) – 24 (3-si 11 m.j.u.)
- Begenç Akmämmedow (“Arkadag”) – 19 (1 top 11 m.j.u.)
- Şanazar Tirkişow (“Arkadag”) – 15
- Elman Tagaýew (“Ahal”) – 15 (4-si 11 m.j.u.)
- Arslan Saparow (“Altyn Asyr”) – 14 (1 top 11 m.j.u.)
- Myrat Annaýew (“Altyn Asyr”) – 12 (8-si 11 m.j.u.)
- Hydyrgeldi Atdjanow (“Şagadam”) – 11
- Röwşengeldi Halmämmedow (“Altyn Asyr”) – 10
- Arslanmyrat Amanow (“Arkadag”) – 10 (2-si 11 m.j.u.)
***
Geçen möwsümiň 1-nji goluny “Ahal” toparynyň oýunçysy Ýazgylyç Gurbanow, soňky goluny bolsa Röwşengeldi Halmämmedow öz atlaryna ýazdyrdylar.
***
Çempionatyň dowamynda oýunçylar 9 gezek het-trik (1 duşuşykda 3 gol) etmegi başardylar. Şolarda “Arkadag” toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýewiň 5 gezek garşydaşlarynyň derwezesinden üç topdan geçirendigini bellemek gerek.
2024-nji ýylyň futbol çempionatynda het-trik eden oýunçylar:
1. Didar Durdyýew (“Arkadag”) – 6-njy tapgyr, “Arkadag” – “Köpetdag” – 5:0 (06.04.2024 ý.)
2. Didar Durdyýew (“Arkadag”) – 8-nji tapgyr, “Arkadag” – “Merw” – 9:0 (17.04.2024)
3. Begenç Akmämmedow (“Arkadag”) – 8-nji tapgyr, “Arkadag” – “Merw” – 9:0 (17.04.2024 ý.)
4. Altymyrat Annadurdyýew (“Arkadag”) – 12-nji tapgyr, “Nebitçi” – “Arkadag” – 0:4 (04.05.2024 ý.)
5. Didar Durdyýew (“Arkadag”) – 14-nji tapgyr, “Arkadag” – “Aşgabat” – 7:1 (11.05.2024 ý.)
6. Didar Durdyýew (“Arkadag”) – 22-nji tapgyr, “Arkadag” – “Ahal” – 5:1 (04.09.2024 ý.)
7. Resul Hojaýew (“Arkadag”) – 24-nji tapgyr, “Arkadag” – “Köpetdag” – 5:1 (18.09.2024 ý.)
8. Didar Durdyýew (“Arkadag”) – 31-nji tapgyr, “Köpetdag” – “Arkadag” – 0:8 (26.11.2024 ý.)
9. Arslan Saparow (“Altyn Asyr”) – 32-nji tapgyr, “Altyn Asyr” – “Köpetdag” – 4:0 (27.12.2024 ý.)