BIZNES

Türkmenistanyň eksporty 50 göterim artdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýanwar-noýabr aýlarynda ykdysayd görkezijilere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary 2022-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynyň ykdysady görkezijileri barada hasabat berdiler.

  • Bellenilişi ýaly, on bir aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanylýar.
  • Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleri öndürmegiň möçberi 11 göterim artdy.
  • Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 35,7 göterim artdy.
  • Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,1 göterim artdy.
  • Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 275 sany birža söwdasy geçirilip, 34 müň 7 şertnama hasaba alyndy.
  • Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler boýunça 118,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe 19 sergi we 61 maslahat geçirildi.
  • Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça on bir aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 175,4 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 113,4 göterime deň boldy.
  • Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy hem ýokarlanýar.
  • Eksporta niýetlenen önümleri artdyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde, dürli görnüşli önümleriň eksport edilen möçberi, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, 50 göterime golaý artdy.
  • Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we täze görnüşli önümleri öndürmegiň hasabyna eksporty artdyrmak boýunça işleri dowam etdiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler