BIZNES

Türkmenistanyň ECO-93 kysymly benzini uly islegden peýdalanýar

6-7-nji awgustda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.

Sergide ýurdumyz üçin senagat ulgamynda zerur we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini ozaldan öndürip gelýän kärhanalar bilen bir hatarda, bu işe ýaňy başlan täze kärhanalar hem öz mümkinçiliklerini görkezdiler. Şol önümleriň hatarynda dürli ölçegdäki turbalar, kerpiçler, demirbeton önümleri, gidroizolýasiýa serişdeleri, ýuwlan çagyl, penopolistirol, keramzit, emulsiýalaryň we boýaglaryň dürli görnüşleri, elektrik kabeller, kafel, gury gurluşyk garyndylary, “Türkmenaýnaönümleri” kärhanasynyň dürli görnüşli aýnalary, ýag we howa süzgüçleri, akkumulýatorlar bar.

Ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan “Bouygues Turkmen”, “General Electric”, “Gap Inşaat”, “KSB”, “Rönesans”, “Sumitomo Corporation”, “Interbudmontaž”, “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom”, “Çalyk Enerji”, “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi hem-de beýlekiler gurluşyk desgalarynyň şekillerini, innowasion işläp taýýarlamalaryny we tehnologiýalary görkezdiler. Sergide suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýol gurluşygy, işjeň dynç alyş senagaty ugurlaryna möhüm orun berlipdir.

Forumyň çäklerinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň we işewürleriniň birnäçesiniň arasynda gol çekilen resminamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Şolaryň hatarynda

  • Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodda öndürilen ECO-93 kysymly benzini satyn almak boýunça eksport şertnamalarynyň üçüsi,
  • Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň iri kompaniýalary bilen baglaşylan 3 import şertnamasy,
  • “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Germaniýanyň “KSB Group” kompaniýasynyň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder