MEDENIÝET

Türkmenistanyň Döwlet sirki sirk oýunlaryny görmäge çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki maý aýynyň 26-na sagat 18:00-da Sizi sirk oýunlaryny görmäge çagyrýar. Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň şowhunly sahnalarynda dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ahalteke bedewlerinde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleriniň, parahatçylygyň nyşany bolan ak «Pawlin» kepderileriniň, howa gimnastlarynyň, akrobatlaryň, türkmen alabaýlarynyň hem-de «Arwana» düýeleriniň çykyşlary, Hindistanyň şadyýan «Makaka» maýmynjyklarynyň, Afrikanyň täsin jandarlary bolan «Burçello» zebranyň we afrikan düýeguşunyň, jadygöýdir gözbagçylaryň, masgarabazlaryň gülküli oýunlarynyň, «Ýedigen» tans toparynyň tansçylaryň, «Pudel» güjüjikleriň sahnada ýerine ýetirýän çykyşlarynyň, ýüpde ýöreýän gyzjagazyň, žanglýorlaryň mundan başgada erkin ýagdaýda tälim berlen atlaryň çykyşlaryna tomaşa edip bilersiňiz.

 

Petek satyn almak üçin Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň kassasyna gelip bilersiňiz.

Kassanyň iş wagty Sişenbe-Ýekşenbe günleri sagat 10:00 – 18:00-a çenli.

Habarlaşmak üçin: 36-10-95; 36-10-34

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri