MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETI
2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler
(hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
- Kliniki lukmançylyk (hünärler: bejeriş işi; pediatriýa).
- Harby lukmançylyk (hünärler: bejeriş-öňüni alyş işi; arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi). Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
- Kliniki lukmançylyk (hünärler: bejeriş işi; pediatriýa; stomatologiýa).
- Saglyk baradaky ylymlar we öňüni alyş lukmançylygy
(hünärler: saglygy goraýyş-öňüni alyş işi; lukmançylykdurmuş goragy işi; dikeldiş we sport lukmançylygy).
- Farmasiýa (hünär: farmasiýa).
Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary,
harby lukmançylyk ugruna — çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlary ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan 25 ýaşy dolýança erkek raýatlary, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk 24 ýaşy dolýança erkek harby gullukçylary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgär ýokarda görkezilen resmi iş kagyzlaryndan başga-da:
— ene-atasynyň oglunyň harby gullukçy bolmagyna we ýokary okuw mekdebini tamamlanyndan soň, Türkmenistanyň islendik künjeginde harby gullugy geçmekligine razylygy baradaky dil hatyny;
— Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Habar beriş merkezinden berlen güwänamany;
— Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünden berlen ýokary harby okuw mekdeplerine girýänleriň lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasyny tabşyrýar.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünde gutarnykly güwä geçmesinden geçmek üçin hemişelik ýaşaýan ýerindäki psihonewrologiýa, narkologiýa, inçekesele garşy we deri-wenerologiýa hassahanalaryndan, şeýle hem maşgala lukmanyndan sagaldyş gözegçiliginde durmaýandygy baradaky kepilnamalar zerur.
Harby lukmançylyk ugruna okuwa kabul etmekligiň şertleri baradaky goşmaça maglumaty Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat ş.) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Balkan welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 30-y günleri;
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri
Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri;
Mary welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 17-si we 18-i günleri;
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 20-21-i, 22-si we 23-i günleri.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgärler beden taýýarlygy boýunça kadalary (möçbernamalary) (100 m, 3 km ylgamak; göwräňi çekmek) ýerine ýetirýärler.
Ýaşlaryň saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, olar patologoanatomiki edarasynyň işi bilen tanyşdyrylar.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:
— lukmançylyk mekdeplerini tamamlan we saglygy goraýyş edaralarynda 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;
— “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş.,A.Gowşudow köçesi, 58, tel.: 92-71-09.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen ň ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň!
Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
“Makul Terjime” telefony:
+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55
Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401
E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti: Talyp :2021