JEMGYÝET

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň sekiz aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Hasabatlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy.

Şeýle hem IIM-niň ýolbaşçysy däp bolşy ýaly, sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň kazylaryny we prokurorlaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ähli ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, olaryň işinde innowasion usullary we döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Ulgamlarda öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we mejlisiň gatnaşyjylaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri