MEDENIÝET

Türkmenistanyň döredijilik topary «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşar

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, şeýle-de Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň döredijilik topary 2025-nji ýylyň 1–5-nji oktýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçiriljek «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşar. Däp bolşy ýaly, her ýyl türki döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, kino sungatyny ösdürmek, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmak ýaly maksatlary göz öňünde tutýar.

Bu çärä türki döwletleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň görnükli kino wekilleri özleriniň surata düşüren filmleri bilen çykyş ederler. Onda ýurdumyzyň ýaş zehinli ssenaristleri, kinorežissýorlary,aktýorlary we operatorlary çykyş ederler. Olaryň hatarynda Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygynyň döredijilik meseleleri boýunça orunbasary Sahysalyh Baýramow çeper filmler boýunça ýaryşa gatnaşjak filmleriň emini, halypa Döwletgeldi Hudaýberdiýew bolsa dokumental filmleriň emini bolar.

Bu ýörgünli halkara kinofestiwalynda ýurdumyz boýunça esasy çykyş etjek filmleriň hatarynda Batyr Batyrowyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen “Kämillige ýol 2: Erjellik” çeper filmi, şeýle-de goýujy kinorežissýor Hekim Alawow tarapyndan surata düşürilen “Kitap” atly çeper film “çeper filmler boýunça” atly ýörite ýaryşar gatnaşar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp, zehinli kinorežissýor Maksat Gylyjow tarapyndan Gazagystan Respublikasynda surata düşürilen “Ismim düşdi ilden-ile” filmi we halypa mugallym Sähragül Janmämmedowanyň milli senedimiz bolan alaja barada surata düşüren “…senet däldir, ol sungatdyr” atly hronikal-dokumental filmi kinofestiwalyň “dokumental filmler boýunça” atly ýörite bäsleşigine gatnaşar.

Kinorežissýorlar Wepa Işangulyýewyň “Gürgenç gözeli Törebeg”, şeýle-de Kadyrowa Zulfiýanyň  “Ynsan syrdaşy” atly çeper filmleri bolsa “Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň hormatly myhmanlaryna, şeýle-de ähli kinosöýüjilere görkeziler.

Dünýäniň ençeme kino hünärmenleriniň, aktýorlarynyň we bilermenleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bu halkara kinofestiwalynda ildeşlerimiziň ählisine uly üstünlikleri dileýäris!

Ýene-de okaň

Balkan welaýatynyň teatry TÜRKSOÝ-yň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanda oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreler

Gadymy Aspendos Amfiteatrynda halkara opera we balet festiwalyna badalga berildi

“Magtymguly Pyragy” kinosy: uly ýeňiş – Gran-pri baýragy gazandy

Magtymguly baradaky türkmen-özbek filmi Kazandaky halkara kinofestiwalda görkezildi

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi