DÜNÝÄ

Türkmenistanyň dokma senagaty ministriniň Belgiýa sapary

Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde dokma senagaty ministri Nurmuhammet Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň dokma inženerçiligi pudagyndaky dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “Pikanol” şereketiniň ýerleşýän Ips şäherinde iş sapary boldy.

Belgiýa tarapyndan türkmen wekiliýetini “Pikanol” kompaniýasynyň dokma enjamlarynyň satuw müdiri Toni Dekok kabul etdi. Duşuşykda, kompaniýanyň döredilen gününden başlap häzirki ösüş tapgyrlaryna çenli taryhy barada jikme-jik maglumat berdi.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalary häzirki zaman dokma enjamlarynyň işlenip taýýarlanylýan we öndürilýän kärhanasynyň önümçilik bölegi bilen tanyşdylar. Belgiýa tarapy dokma senagaty üçin enjamlary öndürmekde ulanylýan tehnologiýalaryň, önümçilik işleriniň we innowasion çözgütleriň giňişleýin tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

“Pikanol” kompaniýasy bilen Türkmenistanyň dokma kärhanalarynyň arasyndaky 20 ýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünlikli tejribesine aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy “Pikanol” kompaniýasynyň enjamlarynyň hiline ýokary baha berdi, köp ýyllaryň dowamynda özüni ygtybarly, täsirli we dokma pudagynyň häzirki talaplaryna laýyk gelýändigini subut etdi.

Türkmen tarapy goşmaça dokma enjamlaryny satyn almaga, şeýle hem Türkmenistandaky birnäçe dokma kärhanalarynda oturdylan eýýäm işleýän enjamlary döwrebaplaşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi. Bu pudagyň önümçilik mümkinçligi berkitmäge, türkmen dokma önümleriniň halkara bazarlarynda netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Gepleşikleriň dowamynda tehniki goldawyň we işgärleri taýýarlamagyň mümkin görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu sapar, Türkmenistan bilen Ýewropanyň öňdebaryjy öndürijileriniň arasyndaky senagat hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň dokma senagatynyň durnukly ösüşi üçin täze gözýetimleri açmak üçin ýene bir ädim boldy.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi