Şu gün ata Watanymyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni uly dabara bilen gutlanýar. Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň hünär baýramçylygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary insitutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň diplomatik gullugyň wekilleri, daşary ýurtly ilçiler, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlary gatnaşdy. “Ata Watan Media” topary bilen bir hatarda ýerli we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem maslahaty okyjylar köpçüligine giňden açyp görkezmek üçin iş alyp bardy.
Diplomatik işgärleriň hünär baýramçylygy mynasybetli guralan halkara ylmy maslahatyň çäklerinde sergi geçirildi. Oňa Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalary gatnaşdy.
Türkiýe bilen bir hatarda Saud Arabystany, Liwiýa, Pakistan, ABŞ, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Katar, Italiýa, Beýik Britaniýa, Eýran, Belarus, Ermenistan, Gruziýa we Azerbaýjan döwletleri bilen bir hatarda BMG-niň düzümleri, Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara guramalaryň wekilhanalary sergi diwarlyklary bilen çykyş etdiler.
Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýan bu döwletler öz diwarlyklarynda öz ýurtlarynyň milli gymmatlyklary, syýahatçylyk hem-de ykdysady ösüşleri barada gymmatly maglumatlary gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow dabaraly maslahata gatnaşyp, maslahatyň öňüsyrasynda sergi diwarlyklary aýlanyp gördi hem-de ilçiler bilen gysga wagtlyk söhbetdeş boldy.
Soňra halkara ylmy maslahat geçirilip, onda edilen çykyşlarda Türkmenistan döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň has-da ösmegine, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasatynyň möhüm ugurlary barada çykyşlar diňlenildi.
Halkara hyzmatdaşlyk we onuň wajyp aýratynlyklary babatda ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki işjeňliginiň ýylsaýyn artýandygyny bellemek gerek. Döwletimiz dürli ýurtlar, halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar.