DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow daşary syýasy işiň habarlar üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistan barada dünýä jemgyýetçiliginiň habarlylygyny artdyrmak maksady bilen, degişli teklipler taýýarlanyldy.

  • Türkmenistan hem-de onuň içeri we daşary syýasaty baradaky maglumatlary dünýä ýaýmak boýunça işler köp ýyllaryň dowamynda belli bir derejede ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlarda alnyp barylýan maglumat işini has-da güýçlendirmek maksady bilen, käbir ilçihanalarymyzda metbugat attaşesi wezipesini döretmek teklip edilýär.
  • Häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy möhüm ugurlar boýunça işjeňleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Bütindünýä aragatnaşyklar departamenti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.
  • Şeýle hem “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” ylmy-tejribe žurnaly bilen daşary ýurtlarda çap edilýän ugurdaş neşirleriň gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşyklary baglaşmak hem-de žurnalyň habarçylaryny daşary ýurtlarda akkreditasiýa etmek teklip edilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar