JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Tährana sapary başlady

2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherine iş sapary bilen bardy.

Şol gün türkmen wekiliýetiniň Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministriniň orunbasary, Ulag senagaty we ösüş kompaniýasynyň başlygy Huşang Bazwand bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini, şol sanda Eýran kompaniýalarynyň Türkmenistanda awtomobil ýollaryny gurmak taslamalaryna gatnaşmagyny bellediler.

Taraplar, hususan-da, hökümetara toparyň soňky mejlislerinde soň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirmegiň ýagdaýyna syn berdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Soňra türkmen wekiliýeti Eýranyň nebit ministri Mohsen Paknejad bilen duşuşdy.

Ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda häzirki meseleler we nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki dostlukly ýurduň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin uly şertleriň bardygyny bellediler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadi bilen duşuşdy.

Taraplar geçen ýylda geçirilen gepleşikleriň netijeliligini bellediler we iki ýurduň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň wajypdygyny tassykladylar. Duşuşygyň dowamynda elektrik energiýasy we suw çeşmelerinden tygşytly peýdalanmak babatda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Eýranyň ýöriteleşdirilen guramalarynyň arasynda utgaşdyrylan işleriň ähmiýeti görkezildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýrana sapary dowam edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi