DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Hytaýda saparda bolar

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Sin Ganyň ýolbaşçylygynda 27-nji aprelde Hytaýyň Sian şäherinde “Hytaý-Merkezi Aziýa” daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 4-nji duşuşygy geçiriler. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Niniň habar bermegine görä, Sian şäherindäki duşuşyga Gazagystanyň wise-premýeri,  daşary işler ministri Murat Nurtleu, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew hem-de Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor ​​Saidow gatnaşar.

2022-nji ýylyň iýunynda geçirilen “Hytaý-Merkezi Aziýa” daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 4-nji duşuşygynda Hytaý-Merkezi Aziýa sammiti mehanizmini döretmek boýunça ylalaşdylar. Gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Hytaýda sammitiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

“Hytaý-Merkezi Aziýa” daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 4-nji duşuşygynda bu sammite görülýän taýýarlyklar bilen bir hatarda halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşylar.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Oleg Kononenkony sylaglady

Türkmenistan we OPEK Gaznasy hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Aşgabatda türk aşhanasynyň hepdeligi geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan BMG bilen ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçirildi

Ata Watan Eserleri