Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeşiň) Baş sekretary B.Amreýew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň bu formatdaky döwletleriň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen Türki Geňeş bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýynyň derejesini we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda Geňeş tarapyndan gurnalýan ýokary derejeli çärelere döwlet Baştutanynyň yzygiderli gatnaşmagy Türkmenistanyň Türki Geňeşiniň işine jogapkärli çemeleşýändigine şaýatlyk edýändigi mälim edildi.
2021-nji ýylyň mart aýynyň soňunda Türki Geňeşiniň resmi däl Sammitine gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow global we sebit gün tertibiniň möhüm wezipelerini çözmek bilen baglylykda, Geňeşiň maksatlarynyň ähmiýetini nygtady.
Şu günki duşuşykda Türkmenistanyň Türki Geňeşiniň çäklerinde hyzmatdaşygy ösdürmek, hususan-da, sebitde hem-de onuň daşynda durnuklylygy we howpsuzlygy, şol sanda energiýa we ekologiýa howpsuzlygy berkitmek ugrunda çykyş edýändigi nygtaldy. Şeýle-de türkmen tarapy durnukly ösüşiň nukdaýnazaryndan, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlarda özara hereketleri giňeltmek üçin Türki Geňeşiniň potensiallaryndan peýdalanmagyň mümkinçiliklerine oňyn seredýär.
Mundan başga-da duşuşykda Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine ýörite derejede goşulmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.