DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Rabab Fatima bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, iň az ösen ýurtlar, ösüp barýan ýurtlar, deňize çykalgasy bolmadyk döwletler we kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen duşuşyk boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dürli ugurlar boýunça ýola goýlan guramaçylykly hem-de köp ýyllyk strategik hyzmatdaşlyk tejribesini belläp geçdiler.

Söhbetdeşler milli syýahatçylyk zolagy Awazada 2025-nji ýylyň 4–8-nji awgustynda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça BMG-niň üçünji maslahatynyň (LLDC3) üstünlikli geçirilmeginiň Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy berkitmekdäki işjeň ornunyň hem-de umumy dünýä meselelerini çözmekde möhüm goşandynyň aýdyň subutnamasydygyny bellediler.

Taraplar LLDC3-niň esasy jemleýji resminamalarynyň — Awaza Syýasy Jarnamasynyň we 2024–2034-nji ýyllar üçin Awaza Hereketler Maksatnamasynyň amaly taýdan ýerine ýetirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy bu ugurlarda bilelikdäki işiň möhümdigini nygtap, olaryň durmuşa geçirilmegi boýunça garaýyşlaryň we ileri tutulýan çäreleriň alyşylmagyna gyzyklanma bildirdi.

Mundan başga-da, türkmen tarapy LLDC3-niň çäklerinde işlenip taýýarlanylan çözgütleri we başlangyçlary ilerletmek maksady bilen, şol sanda durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan bilelikdäki çäreleri guramak arkaly BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň meýdançasyny işjeň peýdalanmaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ynamy berkitmäge, halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga hem-de durnukly ösüş boýunça umumy dünýä gün tertibini öňe sürmäge ýardam berip, BMG ulgamyndaky bilelikdäki işi giňeltmäge taýýardygyny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Özbegistan ABŞ-nyň kompaniýalary bilen şertnama baglaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Kubanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Lawrow: Russiýa Merkezi Aziýanyň esasy hyzmatdaşy

Li Çže Mýon: Türkmenistan Merkezi Aziýadaky esasy hyzmatdaşymyz

Beýik Britaniýa, Kanada we Awstraliýa Palestinanyň döwletliligini ykrar etdiler