DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri BAE-niň Ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow BAE-niň Ilçisini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna seredip geçdiler. Ýola goýlan netijeli dialogy mundan beýläk hem ösdürmekde özara gyzyklanmalaryny belläp, taraplar aragatnaşyk, oba hojalygy we ekologiýa ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Abraýly sebit hem-de halkara guramalarynda, şol sanda BMG-niň we beýlekileriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň hem-de halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň oňyn tejribesi barada aýratyn bellenilip geçildi.

Diplomatlar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary has hem ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler, çünki taraplaryň bilelikde durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçilikleri bardyr. Şeýle hem Dubaý şäherinde geçiriljek “EXPO-2020” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy meýilleşdirýändigi barada nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Ahmet Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli Türkmenistanyň Daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy hem-de türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegi üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygy barada ynandyrdy.

11-nji awgustda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy