JEMGYÝET

Türkmenistanyň çägindäki açylyş dabaralary

Ýurdumyzyň çäginde Medeniýet hepdeliginiň owazly günlerine utgaşyp giden ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli birnäçe açylyş dabaralary geçirildi.

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkamaşa geňeşliginde «Bagtyýar nesiller» atly çagalar dynç alyş seýilgähiniň, şeýle-de Mary etrabynyň çäginde täze ýyladyşhananyň açylyş dabaralary bilen bir hatarda Aşgabatda we Daşoguzda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.

Wekilbazar etraby 2017-nji ýylyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň etraplarynyň arasynda yglan edilen bäsleşikde ýeňiji bolup, bir million amerikan dollary bilen sylaglandy. Şa sowgadyna etrabyň Mülkamaşa geňeşliginiň çäginde çagalar dynç alyş seýilgähi guruldy. Onuň gurluşygyny alyp barmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň işewür telekeçilerine ynanyldy. Ine, bu gün bolsa 2 gektar meýdany tutýan döwrebap çagalar dynç alyş seýilgähi doly bina edilip, onuň açylyş dabarasy geçirildi. Täze seýilgähde oturdylan çaga oýnawaçlary, pyrlanpaçlardyr hiňňildikler, oýunjaklardyr sallançaklar ünsüňi özüne çekýär.

Mary welaýatynyň Mary etrabynda täze ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy. Ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Halal dogan» hususy kärhanasynyň buýurmasy boýunça «Dört paslyň berekedi» atly hususy kärhana gurdy. Bäş gektar ýerde ýerleşýän ýyladyşhanada her ýylda 1200 tonna pomidor ösdürip ýetişdiriler.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Ahal ýaşaýyş toplumynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 6 sany dört gatly, 32 öýli, 1 sany 16 öýli, jemi 208 hojalyga niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlary açylyp, ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Büzmeýin etrabyndaky Demir-beton önümleri kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen täze ýaşaýyş jaýynda ýaşamak üçin ähli amatlyklar döredilipdir.

Mundan başga-da, Daşoguz şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsi açylyp, ulanylmaga berildi.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi