JEMGYÝET

Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan ýörite neşir önümleri

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip ygan edildi. Şu şygar astynda geçýän ýylda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýetini bütin dünýä äşgär etmek üçin köp sanly çäreler geçirilýär.

Şu ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyz Aşgabatda Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu çäreler “https://neutrality.gov.tm/” ady bilen döredilen ýörite internet sahypasynda yzygiderli okyjylar köpçüligine ýetirilýär.

Ine şu gün hem Türkmenistanyň  Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy  bagyşlanan ýörite neşir önümleriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli ministrliklerinden we pudaklaýyn edaralarynyň işgärleri, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin metbugat serişdeleriniň agzalary, ýurdumyzyň köp sanly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşmagyndan geçirilen dabarada “Türkmenistanyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlary”, “Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumy”, “Türkmenistanyň oba hojalyk toplumy”, “Türkmenistanyň nebitgaz toplumy”, “Türkmenistanyň söwda toplumy”, “Türkmenistanyň medeniýet ulgamy”, “Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa toplumy”, “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlary” bilen bir hatarda “Aşgabat” atly ýörite neşirleriň tanyşdyrylyşy boldy. Bu neşirlerde Türkmenistanyň Bitaraplyk ýyllarda halk hojalygynyň ýokarda agzalan ugurlarynda gazanylan üstünlikler türkmen, iňlis we rus dillerinde beýan edilipdir. Şeýle hem bu neşirler owadan suratlar bilen bezelipdir.

Dabarada edilen çykyşlarda Türkmenistanyň öňdebaryjy pudaklarynyň wekilleri çykyş edip, öz ugurlarynda gazanylan üstünlikler barada gürrüň berdiler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen BMG hyzmatdaşlyk boýunça täze Çarçuwaly Maksatnama gol çekdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-li işewürleri kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ilçisini kabul etdi

“Botaş”-yň baş direktory: esasy maksadymyz – türkmen gazyny uzakmöhletleýin satyn almak

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary