BILIM

Türkmenistanyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmakda hytaý kompaniýalarynyň hyzmatlary öwrenilýär

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Hytaý Halk Respublikasynyň «Inspur Software» kompaniýasynyň baş direktory Žao Şaoksiangyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak ugrunda häzirki döwürde tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýan işlerde hytaý kompaniýasynyň hödürleýän hyzmatlaryny ulanmak bilen bagly birnäçe anyk teklipler maslahatlaşyldy.

Ministr ýurdumyzda bilimiň sanlylaşdyrylmagynda Hytaý Halk Respublikasynyň esasy hyzmatdaşlaryň biri hökmünde garalýandygyny belläp, hytaý kompaniýasynyň ýolbaşçysyna geljekde bilelikde hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerini öwrenmek maksatly, birnäçe anyk teklipleri hödürledi.

Žao Şaoksiang öz nobatynda «Inspur Software» kompaniýasynyň hödürleýän hyzmatlary we bilimiň sanlylaşdyrylmagynda Hytaý Halk Respublikasynyň geçen ýoly barada tanyşdyrdy. Hususan-da, 30 ýyllyk geçiş döwründe bu ýoluň üç tapgyrdan ybarat bolandygyny, häzirki wagtda hem 3-nji tapgyrynyň dowam edýändigini we bu babatda öz gazanan tejribeleri bilen paýlaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Hytaý kompaniýasynyň ýolbaşçysy “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny we hödürlenen teklipler esasynda bilelikde işleri durmuşa geçirmäge mümkinçiligiň bardygyny aýan etdi.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary