BIZNES

Türkmenistanyň banklarynda audit barlaglary geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Auditorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda hem-de «Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy» hem-de «Auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurduň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna halkara standartlar esasynda audit barlaglaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Dünýäniň abraýly auditor kompaniýalarynyň sanawyna girýän we tejribeli daşary ýurt audit kompaniýalaryny saýlap almak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky, Döwlet daşary ykdysady iş banky, «Daýhanbank», «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banklary, «Türkmenbaşy», «Halkbank», «Senagat» hem-de Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banklary tarapyndan audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi banklarda maliýe hasabatlarynyň takyklygyny seljermäge hem-de bank işiniň ugurlaryna baha bermäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlendi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek we onuň hyzmatlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurduň banklarynda audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri yglan etmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly halkara sergi geçiriler