JEMGYÝET

Türkmenistan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek «Türkmenistan-Özbegistan-Azerbaýjan» üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Bu duşuşyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda ýokary derejede guraldy.

Üçtaraplaýyn duşuşygyň jemleri boýunça birnäçe bilelikdäki resminamalara gol çekildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew metbugat wekillerine ýüzlendiler.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilen bu üçtaraplaýyn duşuşygyň uly ähmiýetini belläp, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň egin-egne berip, öňe gitjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit guruljakdygyny habar berip, munuň Türkmenistanyň Azerbaýjana özboluşly sowgady boljakdygyny aýtdy.

– Türkmen halkynyň Milli Lideri Fizuli şäherine amala aşyran saparynda Türkmenistanyň adyndan bu şäherde metjit gurmagy teklip etdi. Men uly hormaty bilen bu teklibi kabul etdim. Bir aý geçendigine garamazdan, eýýäm metjidiň taslamasy taýýar, ýakyn wagtda onuň düýbi tutular diýip – Azerbaýjanyň Prezidenti metbugat brifinginde belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi