BIZNES

Türkmenistanyň 88 kärhanasy Russiýa pomidor we burç eksport eder

Russiýa Federasiýasynyň Weterinariýa we fitosanitar gözegçilik boýunça federal gullugy (Rosselhoznadzor) 2021-nji ýylyň 10-njy dekabryndan Türkmenistanyň 88 kärhanasyna Russiýa Federasiýasyna pomidor we burç ýerlemek babatda çözgüt kabul etdi. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berýär.

“Rosselhoznadzor” gullugynyň resmi saýtynda hem ýerleşdirilen habara görä, bu çözgüt Türkmenistanyň çäginde pomidor we burç ösdürip ýetişdirýän kärhanalara fitosanitar gözegçiligiň netijelerinden soň kabul edildi.

– “Rosselhoznadzor” gullugy 2021-nji ýylyň 10-njy dekabryndan başlap, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Döwlet ösümlik karantin gullugynyň kepilligi bilen 88 sany türkmen kärhanasyndan pomidor we burç getirmäge rugsat berýär – diýip, gullugyň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Türkmenistandan pomidor we burç üpjünçiligini amala aşyrjak kärhanalaryň sanawy bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz (kärhanalaryň sanawy).

Soňky ýyllarda Türkmenistanda pomidor we gök önümleriň önümçiligi giň gerimde ýola goýlup, bu ugurda öndürilýän önümler daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilýär.

Goňşy ýurtlar we Russiýa Federasiýasyna ýerlenilýän türkmen pomidorlary Ýewropanyň merkezinde satylýar. Türkmen pomidorlary Awstriýanyň Wena şäherine ugradylýar.

Umuman, Türkmenistanda importuň ornuny tutýan önümçilik maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň köp ýerinde ýyladyşhana toplumlary gurulýar we ol ýerde pomidor we gök önümleriň köp mçöberi öndürilýär. Öndürilýän gök we bakja önümleri diňe bir içerki bazary däl, eýsem daşary ýurt bazarlaryna hem eksport edilýär.

 

Fransiýada yşyklar festiwaly: Köçeler reňkli yşyklar bilen bezeldi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy