SPORT

Türkmenistanly tälimçi Litwanyň “Daýnawa” toparyna tälim berer

Türkmenistanly tälimçi Mergen Orazow Litwanyň “Daýnawa” toparyna tälim berer. Litwa topary belarusly tälimçi bilen şertnamasyny tamamlap, türkmen tälimçi bilen ylalaşdy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen tälimçiniň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biri “Daýnawa” toparynyň ýurduň çempionatyndaky ornuny berkitmekden, şeýle hem toparyň Ýewropa kubok ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegini gazanmakdan ybaratdyr.

Häzirki wagtda bu topar Litwanyň çempionatynda 4 utuk toplap, soňky orunda barýar. Möwsümiň tamamlanmagyna 11 duşuşyk galdy we şol döwürde toparda görnetin ösüşleriň gazanylmagy göz öňünde tutulýar.

Mergen Orazowyň “UEFA Pro” ygtyýarnamasy bolup, onuň milli ýygyndy we professional toparlarda 5 ýyllyk iş tejribesi bardyr. Onuň tälimçilik işi Aşgabatda başlap, ilki bilen “Altyn asyr” toparynda işledi. Soňra “Köpetdag” we “Ahal” toparlaryna tälim berdi.

Şeýle hem Mergen Orazow Türkmenistanyň milli ýygyndysyna tälim berdi. Ol 2022-nji ýylda Türkmenistanda iň gowt futbol tälimçileriň biri bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy