BILIM

Türkmenistanly okuwçylaryň halkara üstünligi

Ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Ylym we bilim ministrligi tarapyndan onlaýn görnüşde matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XIX halkara Žautykow bäsleşigi geçirildi. Oňa 26 döwletden okuwçylaryň jemi 1 müň 241-si gatnaşyp, şolaryň 515-si matematika, 341-si fizika, 385-si bolsa informatika dersleri boýunça bäsleşdiler. Şol döwletleriň hatarynda Azerbaýjandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gruziýadan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Perudan, Rumyniýadan, Russiýadan, Serbiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden zehinli mekdep okuwçylary bar.

Bu abraýly halkara bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinden saýlanan 7 toparda jemi 26 okuwçy gatnaşyp, olara Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň matematika mugallymy Arslan Hojiýew ýolbaşçylyk etdi.

Bäsleşigiň netijelerine görä, matematika dersi boýunça Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Rahym Agamyradow bilen Ak bugdaý etrabyndaky tebigy we takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebiň okuwçysy Dawut Muhammetgurbanow kümüş medallara mynasyp boldular. Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Selim Halykow, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kerimguly Bendow, Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Alihan Žumabaýew bürünç medallary gazanmagy başardylar. Bäsleşige wekilçilik eden türkmen okuwçylarynyň ýolbaşçysy Arslan Hojiýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol öz ýürek sözüni şeýle beýan etdi:

— Gazagystan Respublikasynyň Ylym we bilim ministrligi tarapyndan geçirilýän halkara Žautykow bäsleşigine zehinli türkmen okuwçylary 2010-njy ýyldan bäri gatnaşyp, her ýylda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu abraýly halkara bäsleşigiň nobatdaky tapgyrynda okuwçylarymyz matematika dersi boýunça 2 sany kümüş, 3 sany bürünç medallary gazanmagy başardylar. Ýeri gelende bellesek, ildeşlerimiz häzirki wagta çenli halkara Žautykow bäsleşiginiň jemi 70 medalyna eýe boldular. Bu halkara onlaýn bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdep okuwçylarynyň arasyndan iň zehinlileri saýlandy we olar bilen güýçli depginde taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Iki tapgyrda geçirilen bäsleşikde her gün okuwçylara çylşyrymly soraglaryň 3-si berildi. Bäsleşigiň talabyna laýyklykda, okuwçylarymyz berlen 4,5 sagadyň içinde tabşyrylan ýumuşlary ökdelik bilen ýerine ýetirmegi başardylar.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar

Türkmenistanyň okuwçylary STEM olimpiadasyna gatnaşýarlar

Türkmen ýaşlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim alyp bilerler