2026-njy ýylyň 12-nji aprelinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen III halkara matematika olimpiadasy üstünlikli jemlendi. Bilşimiz ýaly, bu bilim bäsleşigine Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden okuwçylaryň jemi 170-si gatnaşdy.
Halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasyna Türkmenistanyň bilim ministri hem-de degişli ýolbaşçylar, eminler toparynyň başlygy, daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, daşary ýurtly we türkmenistanly mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň başynda olimpiada gatnaşan döwletleriň wekiliýetleriniň agzalary çykyş edip, bu bilim bäsleşiginiň parahatçylygy berkitmekde, halklaryň dost-doganlygyny pugtalandyrmakda, halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen III halkara matematika olimpiadasynda altyn medallaryň sany boýunça ýurdumyzyň mekdep okuwçylary ýokary netije görkezip, altyn medallaryň 6-syna mynasyp boldular. Şeýle hem bu sanawda 3 sany altyn medal bilen Täjigistan Respublikasynyň mekdep okuwçylary ikinji, 2 sany altyn medal bilen Özbegistanyň wekilleri üçünji orny eýelediler.
Umumylykda, olimpiada gatnaşyjylar A we B derejeler boýunça medallaryň jemi 85-sine mynasyp boldular. Medallaryň sany boýunça Türkmenistanyň mekdep okuwçylary iň ýokary netijäni görkezip, olar medallaryň 29-ny, şol sanda 6 altyn, 10 kümüş, 13 sany bolsa bürünç medal gazanmagy başardylar. Bu sanawda medallaryň 16-sy bilen Özbegistanyň mekdep okuwçylary ikinji, medallaryň 15-si bilen Täjigistan respublikasynyň wekilleri üçünji orunlary eýelediler.
