JEMGYÝET

Türkmenistandan Russiýa ýene bir uçuş amala aşyryldy

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda hem habar berlişi ýaly, Türkmenabat ― Moskwa aralygynda ýörite uçuş amala aşyryldy.

«Russiýanyň «Sibir» awiakompaniýasynyň uçary bilen amala aşyrylan uçuşda Russiýanyň Türkmenistandaky raýatlarynyň 172-sine Täze ýyl baýramyny öz maşgalasynda, öýünde bellemäge mümkinçilik döredildi» diýlip, ilçihananyň resmi saýtynda aýdylýar.

Şeýlelikde, ilçihana pandemiýa döwründe Türkmenistanda Russiýa ýörite uçuşlaryň bäşisini gurady. Olaryň ählisi Türkmenabat şäherindäki halkara howa menzilinden badalga aldy.

Dostlukly döwletiň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohiniň ýakynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçiren onlaýn duşuşygynda hem aýdylyşy ýaly, Türkmenabat ― Moskwa aralygyndaky indiki ýörite uçuşlar 2021-nji ýylyň 25-nji we 30-njy ýanwarynda bolar. 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady