BILIM

Türkmenistanda ýokary bilimi ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli strategiýasy işlenip düzülýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýokary okuw mekdepleriniň netijeliliginiň ýyllyk dördünji monitoringiniň jemlerini jemledi. Monitoring ýokary okuw mekdepleriniň işiniň esasy ugurlaryny, ýagny okuw, okuw-usulyýet, ylmy-barlag we terbiýeçilik işleriniň ýerine ýetirilişini, uçurymlaryň iş bilen üpjünçilik derejesini, ylmy işjeňligi, mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylyşynyň hilini, şeýle-de ylmy, bilim we pedagogik ölçeg görkezijilerine esaslanýan beýleki görkezijileri öz içine aldy.

2022-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän ýyllyk iş maslahatlarynyň nobatdaky tapgyry tamamlandy. Däp bolan bu iş maslahatlaryna Bilim ministrliginiň degişli ýolbaşçylary we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy hem-de okuw işleri boýunça prorektorlary gatnaşdylar.

Bu monitoring dördünji ýyl geçirilýär we ol ýokary bilimiň hilini halkara standartlaryna, şol sanda ESG (Ýewropanyň ýokary bilim giňişliginde hil üpjünçiliginiň standartlary we ugrukdyryjy ýörelgeleri) hem-de ÝUNESKO-nyň çemeleşmelerine esaslanýan köp derejeli ulgamlaýyn baha bermek işi görnüşinde amala aşyryldy.

Korrelýasiýa seljermesiniň netijeleriniň ýokary okuw mekdeplerini reýting derejelendirme ulgamynyň maglumatlary bilen deňeşdirilmegi bu işiň möhüm ugry boldy. Ýokary okuw mekdeplerini reýting derejelendirme ulgamy 2022-nji ýylda işe ornaşdyryldy we ol her bir mugallymçylyk işgärinden başlap, kafedralara, fakultetlere we tutuşlygyna ýokary okuw mekdebiniň özüne çenli ähli derejeleriň netijeliligini bahalandyrýar.

Bu ulgamyň esasyny düzýän ylmy we bilim ölçeg görkezijileri halkara tejribesiniň, şol sanda Times Higher Education, QS World University Rankings, Şanhaý reýtingi (ARWU) ýaly global reýtinglerde ulanylýan görkezijileriň göz öňünde tutulmagynda uýgunlaşdyryldy.

Sanly platforma:

• ýokary okuw mekdepleriniň 50-den gowrak görkeziji boýunça gazananlaryny yzarlamaga;

• her bir mugallymyň, kafedranyň, fakultetiň we ýokary okuw mekdebiniň netijeliligini onlaýn tertipde seljermäge;

• dolandyryş çözgütlerini kabul etmek üçin esasy maglumatlary görkezmäge we deňeşdirmäge;

• her bir edaranyň işinde bar bolan gowy we gowşak taraplaryny dessin   ýüze çykarmaga;

• her bir ýokary okuw mekdebi üçin işleriň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekmäge mümkinçilik berýär.

Sanly platforma ylym, bilim babatda we işgärleriň işjeňligini gazanmakda höweslendirmegiň kuwwatly mehanizmi bolup:

• halkara indeksirlenýän ylmy neşirlerde çap edilýän makalalaryň sanynyň 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde 95 esse artmagyny;

• iş iberijiler we ýörite pudaklaýyn guramalar bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny;

• zähmet bazarynyň we ykdysadyýetiň hakyky talaplaryna laýyklykda bilim hem-de we ylmy-barlag iş ýüküniň barabar sazlaşdyrylmagyny üpjün etdi.

Monitoringiň netijeleri we anyk salgylaýyn maslahatlar:

• ýokary okuw mekdeplerini ösdürmek boýunça strategik çözgütler;

• okuw maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak;

•  işgärler syýasatyny kämilleşdirmek;

• ýokary okuw mekdepleriniň netijeliligini bahalandyrmak we höweslendirmek ulgamyny kemala getirmek üçin esas bolup hyzmat edýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamyny ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça işler içgin seljermesiniň esasynda ulgamlaýyn alnyp barylýar.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings-2025» dünýä reýtinginiň sanawynda orun aldy

Türkmen döwlet uniwersiteti ýokary okuw mekdepleriniň bütindünýä reýtingine goşuldy

Ýapon gaznasy Halkara nebit we gaz uniwersitetine kitap sowgat etdi

Türkmen okuwçylary XCEL olimpiadasyndan baýrakly dolandylar

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýanyň ilçisi Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine täze kitaplary gowşurdy