MEDENIÝET

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçiriler

Şu ýylyň 10-njy noýabryndan 3-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçiriler. Medeniýet hepdeliginiň çäreleri Aşgabat we Mary şäherlerinde guralar. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

ÝB-niň Medeniýet hepdeligi 10-njy we 11-nji noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriljek konsert bilen açylar. Konsertiň dowamynda fransuz kompozitorynyň dünýä aýdym-saz premýerasy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hödürlener.

Mundan başga-da, 24-nji noýabrda sagat 17:30-da «Bouygues Turkmen Carbon Training Centre» binasynda «Trash» multfilmi görkeziler. Multfilmi görmek üçin @eeas.europa.eu sahypasynda hasaba alynmaly.

Medeniýet hepdeligi Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde Latwiýanyň hor aýdymçysy hanym Wita Timermame Muranyň ýolbaşçylygyndaky Aşgabat çagalar horunyň konserti bilen dowam etdiriler.

Konsert 26-njy noýabrda sagat 17:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolar. Giriş hemmeler üçin açykdyr.

3-nji dekabrda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda geçiriljek Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde Wita Timermame Muranyň ýolbaşçylygyndaky Mary çagalar horunyň konserti hepdeligiň jemleýji çäresi bolar. Konsert sagat 17:00-da. Konserte hemmeler girip bilerler diýlip, ÝB-niň wekiliýetiniň Türkmenistana iberen metbugat beýanatyda aýdylýar.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri