JEMGYÝET

Türkmenistanda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu özboluşly ekologik çäre paýtagtymyzyň ilersinde, dag etegindäki ajaýyp künjekde geçirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Ählihalk bag ekmek dabarasynyň badalga beriljek ýerinde döwlet Baştutanymyzy çärä gatnaşyjylar mähirli garşyladylar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýanyna ýaş nesliň wekili baryp, bag ekmek dabarasyna ak pata bermegi haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, ýazky bag ekmek möwsümine ak pata berdi. Çärä gatnaşyjylar hem bu asylly däbe eýerdiler. Ählihalk bag ekmek dabarasy daşary ýurtly wekilleri-de özüne çekip, ýyl-ýyldan ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýetli waka öwrülýär. Oňa Diýarymyzyň sebitleriniň ýaşaýjylary hem uly ruhubelentlikde goşuldylar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl dürli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi şu gezekki ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylar.

Şu gün köpçülikleýin bag ekmek dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň çäginde hem ýaýbaňlandyryldy. Häzirki wagtda täze welaýat merkeziniň degişli künjekleriniň bag-bakjalyga beslenmegi bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy