JEMGYÝET

Türkmenistanda ýaş atşynaslar topary dörediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi.

Ussat halypa atşynas Türkmen halkynyň Milli Lideri körpeleriň manežiň içinde bedewlerde gezim edýän pursatlarynda olara atçylyk däpleri, onuň taryhy we bu ugruň häzirki döwürde ösdürilişi barada gürrüň berdi hem-de olaryň höwes edýän ugurlary bilen gyzyklandy. Çagalaryň arasynda seýis, çapyksuwar, atçylyk boýunça ylmy iş alyp barýan hünärmen, atçylyk lukmany bolmaga höwes edýänleriň bardygy aýratyn buýsançlydyr.

Bedewlere çäksiz hormaty bolan Milli Liderimiz atçylyga höwes edýän çagalaryň geljekde ussat atşynaslar bolup ýetişip, ahalteke bedewleriniň şöhratynyň artmagyna, milli atşynaslyk däpleriniň ylmy esasda ösdürilmegine goşant goşjakdyklaryna, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary hem bolup biljekdiklerine ynam bildirdi.

Soňra ussat atşynas Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çapyksuwarlyk hünärine höwes bildirýän çagalara sowgatlary gowşurdy. Körpeler sowgatlar üçin hoşallyk bildirip, Milli Liderimizden özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdiler.

Milli Liderimiz çagalaryň haýyşlaryny kanagatlandyryp, olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaş nesliň milli atşynaslyk ýörelgelerine ygrarly bolmagynyň guwandyryjy ýagdaýdygyny aýdyp, täze, ýaş atşynaslar toparyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle hem Milli Liderimiz bu topara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan goldaw berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär